Prezident Erdogan Russiýa gitdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Soçi şäherine gitdi

1712137
Prezident Erdogan Russiýa gitdi

Prezident Erdogan ol ýerde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçirer. Duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugru Siriýa bolar. 

Prezident Erdogan ilki bilen Tel-Ryfatdaky we Manbijdäki PKK-nyň barlygyna we Astana ylalaşygynyň düzgünlerine laýyklykda terroryň barlygynyň bes edilmegine ünsleri çeker. 

Prezident Erdogan Russiýa tarapyndan gözegçilik edilýän sebitlerden soňky wagtlarda Türkiýä garşy artan hüjümlere bildirilýän biynjalyklygy kärdeşine ýetirer we ondan hüjümleriň öňüniň alynmagyny islär. 

Idlibden we Siriýadan täze bosgun tolkun howpunyň maslahatlaşyljak duşuşykda, şeýle hem Liwiýa we Owganystan başda bolmak bilen, gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleleri ele alynar. Ikiçäk duşuşykda mundan başgada Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary gözden geçiriler. 

Prezident Erdoganyň Russiýa saparyna Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hakad Fidan, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ýaly resmiler ýoldaşlyk edýär. 



Degişli Habarlar