Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Geňeşiniň Ösüş bankynyň başlygy bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Geňeşiniň Ösüş bankynyň başlygy Rolf Wenzel bilen duşuşyk geçirdi

1711913
Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Geňeşiniň Ösüş bankynyň başlygy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Geňeşiniň Ösüş bankynyň başlygy Rolf Wenzel bilen duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Rolf Wenzel bilen geçiren duşuşygy bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ýewropa Geňeşiniň Ösüş bankynyň başlygy Rolf Wenzeli kabul etdik, Türkiýedäki taslamalara goşýan goşantlaryny ara alyp maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar