Erdogan we Putin duşuşykdan ozal metbugata beýanat berdiler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Türkiýe-Russiýa hyzmatdaşlygyny günsaýyn has hem güýçlendirip dowam etdirmegimizde örän uly peýdalar bar" diýip belledi

1712292
Erdogan we Putin duşuşykdan ozal metbugata beýanat berdiler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýanyň Soçi şäherindäki özara duşuşyklaryndan ozal metbugata beýanat berdiler. 

Beýanatynda Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň özüni tapawutly ýagdaýda özüne görkezendigini, söwda kuwwadynyň häzirki wagtda gowy ýagdaýdadygyny aýdan Prezident Erdogan: "Söwda kuwwadymyzyň has gowy sepgide ýetjekdigine ynanýaryn. Esasan hem syýahatçylyk pudagy boýunça beren goldawyňyz sebäpli Size köp sag bolsun aýdýaryn" diýip belledi. 

Russiýanyň hyzmatdaşlygynda gurluşygy dowam edýän Mersin Akkuýu atom elektrik bekedi bilen bagly Erdogan: "Öňümizdäki ýyl bekediň ilkinji blogunyň açylyşyny amala aşyryp bileris" diýip habar berdi. 

Goranyş senagatynda hem Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikde edýän ädimleriniň üstünde durup geçen Erdogan: "Türkiýe-Russiýa hyzmatdaşlygyny günsaýyn has hem güýçlendirip dowam etdirmegimizde örän uly peýdalar bar. Siriýa bilen bagly bilelikde edýän ädimlerimiz aýratyn ähmiýete eýe. Ol ýeriň hem parahatçylygy Türkiýä we Russiýa bagly" diýip nygtady. 

Putin bolsa öz gezeginde: "Erdogan bilen geçirýän duşuşyklarymyz hemişe meselesiz geçmeýär. Emma degişli guramadyr-edaralarymyz ylalaşyga gelip bilýärler. Türkiýäniň Russiýa maýa goýumlary jemi 1,5 milliard dollar, Russiýanyň Türkiýä maýa goýumlary bolsa 6,5 milliard dollara ýetdi. Uly taslamalaryň ählisi meýilleşdirilşi ýaly dowam edýär" diýip mälim etdi. 

"Garabagdaky hyzmatdaşlygymyz hem ylalaşygyň ýola goýulmagynda hem-de öňümizde has berk parahatçylygyň üpjün edilmeginde möhüm bir göçümdir" diýip aýdan Putin: "Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyz halkara arenada hem üstünlikli ýagdaýda dowam edýär. Bu ýerde hem Siriýa hem-de Liwiýa bilen bagly pozisiýamyzy göz öňünde tutýaryn" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Erdogan bilen Putiniň ilki bilen ikiçäk, soň bolsa ertirlik iş naharynda duşuşyk geçirjekdiklerini habar berdi. 

Peskow, duşuşyklardan soň metbugat ýygnagynyň geçirilmejekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar