Türkiýe Liwanda täze hökümetiň ynam sesini almagyndan hoşal

Türkiýe Liwanda 10-njy sentýabrda gurulan täze hökümediň ynam sesini almagyndan hoşaldygyny beýan etdi

1708529
Türkiýe Liwanda täze hökümetiň ynam sesini almagyndan hoşal

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Liwanda Nejip Mikatiniň ýolbaşçylyk etmegindäki täze hökümediň ynam sesini almagyndan hoşaldyrys. Uzak aralykdan soň hökümediň başyna geçen täze hökümediň Liwianyň sezewar galan synaglara garşy täsirli ýagdaýda göreşjekdigine we Liwanyň mätäç bolan çözgütleri durmuşa geçirjekdigine ynanýarys" diýip habar berildi. 

Beýanatda Türkiýäniň Liwanyň we Liwanyň halkynyň ýanynda bolmaga we täze hökümede elinden gelen goldawy bermäge dowam etdirjekdigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hökümet , #Liwan , #Türkiýe

Degişli Habarlar