Siirt welaýatynda 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siirt welaýatynyň Perwari Herekol dagy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1707708
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Içeri işler edarasynyň Razwedka bölüminiň koordinasiýasy esasynda Siirt welaýat Içeri işler edarasy, Awiasiýa departamenti, Siirt welaýat Žandarma serkerdeligi we Harby-howa güýçleriniň bilelikde geçiren operasiýasynda, Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Herekol Dagy sebitinde anyklanan PKK/KJK-a agza 5 terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan geçirilen howa operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.