Prezident Erdogan ministr Süleýman Soýlunyň üsti bilen ýaşlara ýüzlenip söz sözledi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Edirne welaýatynyň Keşan etrabynda Adalat we ösüş partiýasynyň Stambul Ýaşlar şahasynyň Bilim we motiwasiýa duşuşygynda ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

1707686
Prezident Erdogan ministr Süleýman Soýlunyň üsti bilen ýaşlara ýüzlenip söz sözledi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ol ýerde eden çykyşynda, gelejegiň kepillendirijisi bolan ýaşlara buýsanýandyklaryny habar berdi. 

Gelejegiň kepillendirijisi bolan ýaşlaryň dolandyrjak Türkiýäniň şu günkiden has hem güýçli boljakdygyna ynanýandygyny aýdan Süleýman Soýlu: "Bileniňizi isleýärin, siz tarapyndan dolandyryljak Türkiýe biziň dolandyrýanymyzdan has hem güýçli bolar, has beýik bolar we dünýäde sözüne eýe boljak bir Türkiýe bolar" diýip belledi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň tapawutly bir liderdigini aýdan Süleýman Soýlu: "Eger biziň ýaşlygymyzda Erdogan ýaly liderimiz bolsady, onda şu günki gün Türkiýe başga bir nokatda bolardy, şony bilmegiňizi isleýärin. Saga ýa-da çepe seredýän bir lider däl, näme bolarka diýip gorkýan bir lider däl, Alla ynanan, milletine ynanan we men diňe Allanyň öňünde başymy egerin diýen bir lider. Merhemedi bilen bir lider, bu döwletiň eýesi milletdir diýen bir lider" diýip nygtady. 

Ministr Süleýman Soýlu ýaşlaryň haýyş etmegi bilen Prezident Rejep Taýýip Erdogana telefon arkaly jaň etdi. 

Telefon arkaly ýaşlara ýüzlenip söz sözlän Erdogan: "Nesip bolsa iň ýakyn wagtda siz bilen bir ýerde bolmagyň hesretindedirin, muny aýratyn belläp geçmek isleýärin. Ähli ýaşlara tüýs ýüregimden salamymy we hormatlarymy ýetirýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar