Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 27 müň 160 adam öýlerine ugradyldy

1707797
Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 213 boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 338 müň 873 adam testden geçirildi.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 26 müň 398 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 27 müň 160 adam öýlerine ugradyldy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagta çenli birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 105 million 117 müň 731-e ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar