Erdogan ABŞ-da sapar guramadan ozal beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, bütin adamzada wehim salýan howplara garşy Türkiýäniň pozisiýasyny BMG-nyň Baş Assambleýasynda belläp geçjekdigini habar berdi

1707717
Erdogan ABŞ-da sapar guramadan ozal beýanat berdi

Prezident Erdogan ABŞ-na sapar guramdan ozal Stambul Atatürk howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Çykyşynda şu ýylky BMG-nyň Baş Assambleýasynyň  "Koronawirus epidemiýasynyň hötdesinden gelmek, Dikeldişiň täzeden gurulmagy, Älem giňişliginiň zerurlyklarynyň üpjün edilmegi, Adam hukuklaryna sarpa goýmak we BMG-nyň ýaňadandan janlandyrylmagy üçin Raýdaşlygyň umyt ýolunyň üsti bilen dikeldilmegi" temasy bilen geçiriljekdigini aýdan Prezident Erdogan: "Esasy rol eýeleýän ugurlarymyz bolan saglygy goraýyş, klimat we dowamly galkynyş bilen bagly meseleler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar. Maslahatyň ilkinji gününde 21-nji sentýabr sişenbe güni BMG-nyň Baş Assembleýasynda çykyş ederin. BMG-nyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça öz pozisiýamyzy paýlaşarys. Bütin adamzada wehim salýan howplara garşy Türkiýäniň pozisiýasyny BMG-nyň Baş Assambleýasynda belläp geçerin" diýip habar berdi. 

Bosgunlar bilen bagly bütin dünýä ýüzlenme berjekdigini aýdan Erdogan: "Saparymyň çäginde köp sanda döwlet we hökümet baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirerin. Mundan başgada Türk-Amerikan Milli ugrukdyrma komitedi tarapyndan geçiriljek "Has adalatly dünýä mümkin" atly maslahatyň çäginde ABŞ-daky türk, kowumdaş milletler we musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirerin. Türk Öýi binasynyň açylyşyny duşenbe güni dabara bilen ýerine ýetireris. BMG-nyň edil garşysynda ýerleşýän ýerimizde gurulan binamyz milletimize bagyşlan täze bir ajaýyp eser hökmünde hyzmat bermäge başlar" diýip belledi. 

ABŞ-daky käbir metbugat organlarynyň wekilleri bilen ikiçäk duşuşyklaryň geçiriljekdigini aýdan Erdogan: "Türk-Amerikan Işewürler geňeşinyň wekilleri bilen hem gepleşiklerimiz bolar. 11-nji Türkiýede Maýa goýum konferensiýasyna gatnaşaryn. Saparymyzyň ýurdumyz, milletimiz we bütin adamzat üçin düşümli geçmegini dileýärin" diýip habar berdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň beýanatlarynyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Edilmeli bolan ädimleri söhbetdeşlerimiz tarapyndan edilendigini görmegimiz gerek. Eger görmesek gerek bolan kararlary alarys we şoňa görä ädimler ederis. Türkiýe bu babatda hiç kimiň gapy sakçysy däldir" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar