Baýraktar TB Bütin Dünýäde Ünsleri Çekýar

Selçuk Baýraktar uçarmansyz howa ulaglaryna bolan islegiň günsaýyn artýandygyny beýan etdi

1705315
Baýraktar TB Bütin Dünýäde Ünsleri Çekýar

“Baýraktar Tehnologiýa Lideri we Türkiýe Tehnologiýa Topary” gaznasynyň (T3 Gaznasy) Dolandyryjylar geňeşinin Başlygy Selçuk Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB2-niň” Türkiýänin guran operasiýalarynda ulanylmagynyň bütin dünýäde ünsleri çekendigini beýan etdi.

Selçuk Baýraktar “TEKNOFEST” Awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň çäginde Duz kölünde geçirilen Raketa bäsleşigine syn etmek üçin Aksaraýa bardy.

“Baýkar” firmasy tarapyndan öndürilen uçarmansyz howa ulaglary hakynda maglumat beren Baýraktar; “Uçarmansyz howa ulaglarymyza bütin dünýäde uly gyzyklanma bar. Esasanda Siriýada İdlib we Azerbaýjanyň Garabag operasiýalaryndan soň gyzyklanma hasam artdy” diýdi.

“Baýraktar TB2” üçin “Wagtal-wagtal islegleri kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýäris” diýen Baýraktar; “Baýkar” şonuň netijesinde girdejisiniň 70 göteriminden gowragyny eksportda gazanýar. Häzirki wagta çenli gol çekişilen 10-dan gowrak şertnama bar. Şolaryň bir böleginiň eksporty amala aşyryldy” diýdi.



Degişli Habarlar