Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Metina sebitinde Penje-Şimşek operasiýasyndaky howpsuzlyk güýçlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk gören PKK/KJK-a agza 3 terrorçy anyklandy.
Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan düýn geçirilen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň berýän habaryna görä, Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini anyklandy.
Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Terrory gözbaşynda ýok etmäge dowam edýäris. Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň üstünlikli göreşi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.