Türkiýäni Bilim Pudagynda-da Uly Üstünliklere Ýetirdik
Prezident R.T.Erdogan Stambulyň Haliç malahatlar merkezinde “2021-nji ýylyň Mugallymlaryň işe belleniş dabarasyna” gatnaşdy

Erdogan dabarada sözlän sözünde: “Türkiýäni ähli pudakda bolşy ýaly bilimde-de infrastruktura ýetmezçilikleriniň esasy bölegini ortadan aýyran ýurda öwürdik” diýdi.
Prezident Erdogan: “Bilim pudagyny ileri tutulýan ugurlaryň başyna göýdük. Ýewropada mugallymlaryň ýarysyna golaýy işlerinde dartgynly bolsa, şol mukdar Türkiýede 20 göterim. Türkiýedäki mugallymlar iň az dartgynlygy başdan geçirýän mugallymlaryň başynda durýarlar” diýdi.
Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Döwrüň talap edýan ähli ukyba, sowatlylyga eýe bolan adam resurslarymyzy ykdysadyýetimiziň, jemgyýetimiziň we demokratiýamyzyň lokomotiwi hökmünde kabul edýäris.”
Degişli Habarlar

Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Gwatemalada ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçramagy sebäpli 51 adam ýogalypdy.