Owganystanda Iş Alyp Baran Türk Esgerleri Ýurda Dolanmaga Başlady

345 ýolagçysy bolan uçar Türkiýe wagty bilen 11.45-de Esenboga howa menziline gondy.

1697711
Owganystanda Iş Alyp Baran Türk Esgerleri Ýurda Dolanmaga Başlady

Owganystandaky jogapkärçiligini üstünlikli ýerine ýetiren türk esgerleri ýurda dolanmaga başlady.

Türk raýatlarynyň Owganystandan göçürliş işleriniň tamamlanmagyndan soň paýtagt Kabuldaky halkara Hamid Kerzeý howa menzilinde iş alyp baran türk esgerleri ýurda dolanmaga başlady.

Türk ýaragly güýçleriniň ýük uçary bilen Kabuldan Pakistanyň paýtagty Yslamabada giden türk esgerleri THÝ-nyň TK6889 sapary bilen paýtagt Ankara uçdy.

345 ýolagçysy bolan uçar Türkiýe wagty bilen 11.45-de Esenboga howa menziline gondy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, türk esgeriniň Owganystandan çykarlyş işlerini gysga wagtda tamamlamagy maksat edinýändiklerini nygtapdy.

Türkiýe, Owganystandaky Halkara howpsyzlyk we ýardam güýji ISAF-yň çäginde 2002-nji ýylyň iýun aýynda Owganystana esger ugradypdy.

1400 esgerden ybarat Türk harby topary Kabul howa menziliniň howpsyzlygyny üpjün edýärdi.

Talibanyň 15-nji awgustda paýtagt Kabulyň gözegçiligini ele geçirmeginden soň ýurtdaky daşary ýurtly esgerleriň, diplomatlaryň we asuda ilatyň ýurtdan göçürilmegi işleriniň depgini güýçlenipdi.


Etiketkalar: #Kabul , #esger , #Owganystan

Degişli Habarlar