Mewlüt Çawuşoglu Iňlis Kärdeşi Bilen Owganystan Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Çawuşoglu Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1697867
Mewlüt Çawuşoglu Iňlis Kärdeşi Bilen Owganystan Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Mewlüt Çawuşoglu telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Eýranyň täze Daşary işler ministri Hüseýin Emirabdullahiýen bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Çawuşoglu eýranly kärdeşigini täze wezipesi bilen gutlady.



Degişli Habarlar