Türk Ýaragly Güýçleri Owganystandan Çekilýär

Türkiýe, ISAF-yň çäginde 2002-nji ýylyň iýun aýynda Owganystana esger ugradypdy

1697305
Türk Ýaragly Güýçleri Owganystandan Çekilýär

Milli Goranmak ministrligi, Türk ýaragly güýçleriniň Owganystadan çekilmäge başlandygyny habar berdi.

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, “Türk ýaragly güýçleri özüne berlen bu wezipäni hem üstünlikli ýerine ýetirendigi üçin buýsançly ýagdaýda watanyna dolanýar” diýildi.

Türkiýe, Owganystandaky Halkara howpsyzlyk we ýardam güýji ISAF-yň çäginde 2002-nji ýylyň iýun aýynda Owganystana esger ugradypdy.

1400 esgerden ybarat Türk harby topary Kabul howa menziliniň howpsyzlygyny hem üpjün edýärdi.

Talibanyň 15-nji awgustda paýtagt Kabulyň gözegçiligini ele geçirmeginden soň ýurtdaky daşary ýurtly esgerleriň, diplomatlaryň we asuda ilatyň ýurtdan göçürilmegi işleriniň depgini güýçlenipdi.



Degişli Habarlar