Prezident Erdogan Owganystandaky hadysalar barada beýanat berdi
Prezident Erdogan Twitterden beýanat berdi
1695854
Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Owganystandaky hadysalar we bikanun migrasiýa bilen baglanşykly halkara derejesinde giň gerimli diplomatiýa alyp barýarys" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan Twitterden beren beýanatynda: "Sebitimizde durnuklylygy ýola goýmak, ýurdumyzy bosgun tolkunyna garşy goramak we milletimiziň asudalygyny üpjün etmek maksady bilen gerek bolan ähli ädimleri etmäge dowam ederis" diýip mälim etdi.