Gara deňiz sebitindäki sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Türkiýäniň Günbatar Gara deňiz sebitinde başdan geçirilen sil apatynda ýogalanlaryň sany 81 adama ýetdi

1694564
Gara deňiz sebitindäki sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) 11-nji awgustda başdan geçirilen sil apatynyň soňky ýagdaýy bilen bagly beren beýanatynda, tebigy heläkçilikde ýogalanlaryň sanynyň 81 adama ýetendigini habar berdi. 

Beýanatda Kastamonu welaýatynda 70 adamyň, Sinop welaýatynda 10 adamyň, Bartyn welaýatynda bolsa 1 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #Gara deňiz , #sil apaty

Degişli Habarlar