Yragyň demirgazygynda 4 esger şehit boldy

Milli Goranmak ministrligi şehit bolan esgerleriň dogan garyndaşlaryna gynanç bildirdi, ýaralanan esgerleriň bolsa tiz wagtda sagalmagyny diledi

1691925
Yragyň demirgazygynda 4 esger şehit boldy

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Şimşek operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen bolan ýaragly çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 1 esger ýaralandy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi 15-nji awgustda Penje-Şimşek operasiýasy sebitinde terrorçylar bilen bolan ýaragly çaknyşykda 1 esgeriň agyr ýaralanandygyny habar berdi. 

Beýanatda ýaralanan esgeriň alynyp gidilen hassahanada şehit bolandygy mälim edildi. Şol çaknyşykda ýaralanan ýene-de bir esgeriň bolsa alynyp gidilen hassahanada bejergi astyna alynandygy aýan edildi. 

 

Goranmak ministrligi Penje-Ýyldyrym operasiýasy sebitinde terrorçylar tarapyndan ýerleşdrilen elde ýasalan bombanyň partlamagy netijesinde 3 esgeriň şehit bolandygyny, 2 esgeriň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ýaralanan 2 esgeriň bejergi astyna alynandygy habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi şehit bolan esgerleriň dogan garyndaşlaryna gynanç bildirdi, ýaralanan esgerleriň bolsa tiz wagtda sagalmagyny diledi. 


Etiketkalar: #şehit , #esger , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar