Türkiýe Ykdysadyýetde, Ekerançylykda we Söwdada Ýokary Ösüş Edýär

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň ykdysadyýetde, ekerançylykda we söda gatnaşyklarynda ýokary ösüş depginine eýe bolandygyny aýtdy

1692053
Türkiýe Ykdysadyýetde, Ekerançylykda we Söwdada Ýokary Ösüş Edýär

Erdogan paýtagt Ankarada fabriklerin we infrastruktura desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarada sözlän sözünde: 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 7 göterimlik ösüş depginine eýe bolduk, enşalla ikinji çärýegi hem uly ösüş bilen tamamlarys” diýdi.

Türk ykdysadyýetinin isleg, önümçilik we eksport taýdan deňagramly ösüş edip, günsaýyn telekeçi ykdysadyýetine öwrülýändigini aýdan Prezident: “Türkiýe esasanda önümçilikde we eksportda dünýade täze liga göterilýär” diýdi.

“Enşalla 2021-nji ýyly başlangyç görkezijileriň ählisinde çaklamalardan öňe geçip, üstünlik görkezijisi bilen tamamlarys” diýdi.

Prezident Erdogan ekoulgama zyýan ýetirýän her bir başlangyjyň soňunyň pajygalydygyny beýan edip; “Şonuň üçin wagşy ösüşiň ýerine ähli ugurda merhemetli ösüş ýörelgesini berjaý edeliň” diýdi.



Degişli Habarlar