Prezident Erdogan eýranly we owganystanly kärdeşleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýip Erdogan, Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani we Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1689737
Prezident Erdogan eýranly we owganystanly kärdeşleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Prezident Erdogan Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde: "Owganystanyň iň gysga wagtda hak eden parahatçylygyna we asudalygyna gowuşmagy üçin dostlukly we doganlyk owgan halkynyň ýanynda bolmaga dowam ederis" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi bilen geçiren telefon arkaly gürrüňdeşliginde bolsa, wezipä başlamagy sebäpli gutlady we Türkiýe-Eýran gatnaşyklarynyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça berkejekdigine ynanýandygyny belledi.

Prezident Erdogan mundan başgada tokaý ýangynlary sebäpli gynanç bildiren Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gana we Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisä minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar