Erdogan Sil Sebäpli Ýitgi Çekilen Ýerlere Ähli Goldawyň Berilýändigini Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan sil sebäpli ýitgi çekilen etraplara döwletiň ähli mümkinçilikleri bilen goldaw berilýändigini beýan etdi.

1690107
Erdogan Sil Sebäpli Ýitgi Çekilen Ýerlere Ähli Goldawyň Berilýändigini Beýan Etdi

Erdogan Bartyn, Sinop we Kastamonu welaýatlarynyň başda durmagynda Gara Deňiz sebitinde güýçi ýagyş sebäpli gelen sil we ýer süýmesiden soň alynyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan, öz görkezmesi bilen sil sebäpli ýitgi çekilen etraplarda iş saparynda bolýan İçeri işler ministri Süleýman Soýlu, Daşky gurşawy goramak we şähergurluşyk ministri Murat Kurum bilen Ulaglar we infrastruktura minbistri Adil Karaismailogly bilen yzgiderli aragatnaşyk saklap, etraplardaky şertler, halas işleri we meseleler hakynda maglumat alýar.

Prezident Erdogan sil sebitli ýitgi çekilen welaýatlardaky gubernatorlar we etrap häkimleri bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Erdogan döwletiň ähli mümkinçilikleri bilen mobilizlenendigini we çekilen ýitginiň öweziniň dolunmagy üçin raýatlara goldaw berilýandigini beýan etdi.

Silde pida bolan raýatlara alladan rehnet dilän Erdogan, silde ejir çekenlere ýagşy dileglerini ýetirdi.

Kastamonuda sil apaty sebäpli 6 adam ýogalan bolsa, Bartynda 1 adamyň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Adybir üç welaýatda 616 adam başga ýerlere göçürildi.

 



Degişli Habarlar