Prezident Erdogan Musulman dünýäsini Täze ýyly bilen gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Hijri-kamary senenamasyna görä Täze ýyl güni bolan şu ýörite gün mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1687700
Prezident Erdogan Musulman dünýäsini Täze ýyly bilen gutlady

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Halkymyzyň we musulman äleminiň Hijri Kamary 1443-nji ýyly bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Täze ýylyň bütin adamzada durnuklylyk, asudalyk we parahatçylyk getirmegini Allatagaladan dileýärin" diýip belledi. 

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde mundan başgada Aýasofýa metjidiniň suratyny paýlaşdy.



Degişli Habarlar