Prezident Erdogan Ýangyn Zolagyna Gitdi

Prezident Erdoganyň Manawgatda geçirjek barlaglaryndan soň Marmarise gitmegine garaşylýar.

1683215
Prezident Erdogan Ýangyn Zolagyna Gitdi

Prezident R. T. Erdogan tokaý ýangynlary sebäpli uly ýitgi çeken zolaklary ýakyndan görmek we ýangyn söndüriş işleri bilen tanyş bolmak üçin Antalýa giti.

Şu gün Kahramanmaraşa gitmegi meýilleşdirlen Prezident Erdogan, iş saparyny yza süýşürdi.

Günorta wagty Kysyklydaky kabulhanasyndan Atatürk howa menziline gelen Erdogan, tokaý ýangynlary sebäpli uly ýitgi çeken Antalýa gitdi.

Prezident Erdoganyň Manawgatda geçirjek barlaglaryndan soň Marmarise gitmegine garaşylýar.

Prezident Erdogan sosial mediadan beren habarnamasynda Antalýada, Muglada, Mersinde, Adanada we Osmaniýede tokaý ýangynlary sebäpli ýitgi çeken zolaklaryň “Tebigy Apat Zolagy” hökmünde yglan edilendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar