“Kipr Meselesinde Hakykatlary Görmediksireýärler”
Oktaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine we ÝB-ne Reaksiýa Bildirdi

ÝB we we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kipr meselesiniň çözgüdi hakyndaky beýanatlaryna Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý hem reaksiýa bildirdi.
Oktaý “ÝB ýaly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem indi endik bolşy ýaly Kipr meselesinde hakykatlary görmediksireýär. ÝB adada “çözgüt ýok” diýen grek bölegini agzalyga kabul edip, meýletin we bilkastlaýyn görüşde çözgütsizlige tarap boldy” diýdi.
Fuat Oktaý ýapyk Maraşyň açylmagynyň bütin sebite oňyn goşant goşjakdygyny nygtady.
Oktaý aýratynam Türkiýäniň DKTR-na berýän goldawyndan egilşik etmejekdigini ýene-de bir gezek nygtady.
“Abaý-syýasatlar Türkiýäni Kipr türkleriniň ýanynda durmakdan çetleşdirmez” diýdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Terrorizme Garşy Göreşi Dowam Eder
Bu barasynda Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Baş ilçi Sedat Önal beýan etdi.