Erdogan Tebbun we Menfi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan, Alžiriň Prezidenti Tebbun we Liwiýanyň Prezidiumynyň Başlygy Menfi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident R. T. Erdogan, Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun we Liwiýanyň Prezidiumynyň Başlygy Muhammed Ýunus Al Menfi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Tebbun telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe-Alžir gatnaşyklary we Tunisde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan Liwiýanyň Prezidiumynyň Başlygy Muhammed Ýunus Al Menfi bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan bilen Menfi Türkiýe Liwiýa gatnaşyklary bilen birlikde Tunisde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda giňişleýin pikir alyşdy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.