Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Çawuşogly Twitter hasabyndan beýanat berdi

1671647
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
cavusoglu 1.jpeg

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, IV Ukraina Reforma konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen giden Litwada Estoniýanyň, Wengriýanyň we Litwanyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçiren duşuşyklar barada Twitter hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, Estoniýanyň Daşary işler ministri Ýewa Mariýa Liýmets bilen geçiren duşuşygy bilen bagly: "Gatnaşyklarymyzy ikitaraplaýyn saparlarymyz bilen berkitmegi maksat edinýäris" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Piter Sižýarto bilen geçiren duşuşygy bilen bagly bolsa: "Kärdeşim Piter Sižýarto bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz we sebitleýin meselelerdäki hyzmatdaşlygymyzyň üstünde netijeli gepleşikler geçirdik" diýip mälim etdi. 

Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis bilen duşuşyk geçiren Mewlüt Çawuşogly: "Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň üstünde durup geçen Gabrielius Landsbergise geçiren IV Ukraina Reforma konferensiýasy üçin minnetdarlyk bildirdim" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar