Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 418 adama ýetdi

1669663
Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 50 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany jemi 49 müň 924 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 216 müň 252 adam testden geçirilip, ýene-de 404 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 418 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 161 adam bilen birlikde bolsa, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 314 müň 930 adama ýetdi.



Degişli Habarlar