24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 42 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 288 adama ýetdi

1668312
24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 42 Boldy

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 42 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 49 müň 774 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 225 müň 537 adam testden geçirilip, ýene-de 462 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 288 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 6 müň 219 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 300 müň 504 adama ýetdi.



Degişli Habarlar