Albaniýa Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Satyn Almak Isleýär

Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagy üçin bölünip berlen 8 million 200 müň dollarlyk goşmaça bujeti tassyklandy.

1667003
Albaniýa Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Satyn Almak Isleýär

Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary halkara derejesinde ünsleri özüne çekmäge dowam edýär.

Ýene-de bir ýurt milli howpsyzlygyny artdyrmak üçin türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satyn almak isleýär.

Albaniýanyň parlamenti türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagy üçin bölünip berlen 8 million 200 müň dollarlyk goşmaça bujeti tassyklady.

Albaniýanyň Içeri işler ministri Bledar Çuçi bilen harby ýolbaşçylaryň Türkiýä guran saparyndan soň şeýle kararyň kabul edilmegi ünsleri özüne çekdi.

Çuçi saparynyň çäginde Baýraktar firmasynyň Stambuldaky önümçilik desgalarynda baryp görenden soň ýurdunyň türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satyn alyp biljekdigi aýdypdy.



Degişli Habarlar