Türkiýaniň ÝB-ne Agzalygy Ony Güýç Merkezine Öwürer

Prezident Erdogan: “ÝB-niň Türkiýäni agzalyga kabul etmän özüne çekiş we güýç merkezi bolmagy mümkin däldir” diýdi

1660048
Türkiýaniň ÝB-ne Agzalygy Ony Güýç Merkezine Öwürer

Prezident Erdogan Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk tapgyrynyň sammitine gatnaşdy

Sammitde çykyş eden Prezident R.T.Erdogan: “ÝB-niň Türkiýäni agzalyga kabul etmän özüne çekiş we güýç merkezi bolmagy mümkin däldir” diýdi.

R.T.Erdogan sammitde sözlän sözünde: “Başdan geçiren ençeme nähaklyga garamazdan ýarym asyrdan bäri egilşiksiz we sabyrlylyk bilen dowam edýän agzalyk göreşimiziň netijelenmegini isleýäris. Bileleşigiň başdan geçirýän strategik körlükden gysga möhletde halas bolmagyna, oňyn gün tertibine laýyklykda agzalyk tapgyrynyň dowam etmegine garaşýarys” diýdi.

Erdogan: “Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlary hökmünde bikanun immigrasiýa akymlarynda başdan geçirilýänlere synçy bolmaga hakymyz ýok. Global derejede ýaýbaňlanýan rasizm, yslam duşmançylygy we bosgun garşydaşlygy milli howpsuzlyk meselesine öwrülip barýar” diýdi.



Degişli Habarlar