Yragyň Demirgazygynda 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygynda geçirýän operasiýalarynyň üstünlikli dowam edýär
1656536
Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýasy zolagynda ýerleşýän gowakda, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygynda geçirýän operasiýalarynyň üstünlikli dowam edýändigi nygtaldy.
Beýannamada, üstünlikli ýagdaýda dowam edýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýasynyň çäginde ýeri anyklanylan gowakda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.
Beýannamada gowakda terrorçylara degişli köp sanly ýaragyň ele geçirlendigi ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.