Türkiýe Organiki Ekerançylar Taýdan Dünýäde 7-nji Orny Eýeleýär

Türkiýäniň organiki ekerançy sany taýdan dünýäde 7-nji, ÝB-de bolsa birinji orny eýeleýändigi habar berildi

1655540
Türkiýe Organiki Ekerançylar Taýdan Dünýäde 7-nji Orny Eýeleýär

Türkiýe 8 önüm bilen başlan organiki ekerançylyk işlerini geçen ýyl 235 önüme ýetirip, pudak boýunça Ýewropanyň import eden önümleriniň 7 göterimini kanagatlandyrdy.

Aýratynam Türkiýe 211 tonna organiki önüm mndürip, Ýewropa ýurtlaryna organiki önüm eksport eden ýurtlaryň sanawynda 6-njy ýurt boldy.

Geçen ýyl koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz şertlerine garamazdan 1,6 million tonna organiki önüm öndürildi.

Türkiýede esasan-da kakadylan injir, erik, kişmiş, bugdaý, zeýtun, funduk, hoz, Antep pissesi, galla önümleri, aromatly lukmançylyk ösümlikleri, pagta, ter miwe we gök önümler organiki ekerançylyk usullaryna laýyklykda öndürilýär.

Türkiýe soňky ýyllarda organiki maldarçylyk önümlerini öndürmekde-de uly ösüş etdi. Et, süýt, peýnir, ýumurtga we bal şol önümlerden käbirleri.



Degişli Habarlar