Türkiýäniň Daşary işler ministri fransuz kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iw Le Drian bilen duşuşyk geçirdi

1653340
Türkiýäniň Daşary işler ministri fransuz kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen baran Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Le Drian bilen ikiçäk we topara gepleşikler geçirdi. 

Gepleşikleriň barşynda Liwiýa we Siriýa başda bolmak bilen sebitleýin meseleler we golaýlap gelýän NATO maslahaty barada pikir alyşyldy, Türkiýe-Fransiýa we Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary giňişleýin ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk takmynan 2,5 sagat dowam etdi. 



Degişli Habarlar