"Eren-13" operasiýasynda PKK-a agza bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnak welaýatynda geçirilýän "Eren-13" operasiýasynyň çäginde PKK-a agza bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1652920
"Eren-13" operasiýasynda PKK-a agza bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Eren-13 operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Merkezi etraby Judi Dagy Tuşimiýa jülgesi sebitinde, desant güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada bolan çaknyşykda 1 terrorçynyň elindäki ýaragy bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda sebitdäki operasiýanyň dowam edýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar