Ömer Çelik metbugat ýygnagynda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Türkiýe taýdan PKK-nyň, PÝD-nyň, ÝPG-nyň we DAIŞ-iň şol bir zatdygyny beýan etdi

1651562
Ömer Çelik metbugat ýygnagynda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, partiýanyň merkezinde ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Merkezi karar we dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Terrora garşy göreşiň tutanýerli ýagdaýda dowam edýändigini aýdan Çelik, terroryň has hem bulaşyk ýagdaýa gelmäge başlandygyny habar berdi. 

Çelik: "Indi terror guramalarynyň arasyndaky hemişe bilişimiz ýaly ideologik tapawutlylyklaryň ähmiýetsizdigine, tapawutly güýçler tarapyndan ulanylýandygyna we belli bir syýasy maksat üçin wekilçilikli söweşlerde terror guramalarynyň ulanylmagy ýaly kartinanyň has hem anyk bolandygyna şaýat bolýarys" diýip belledi. 

DAIŞ bilen PKK-nyň arasyndaky gatnaşygyň has hem köpelen bir eýýama gadam basylandygyny aýdan Ömer Çelik: "DAIŞ-e garşy göreş alyp barýar diýip PKK-nyň kanunylaşdyranlar, ertirki gün bolsa başga bir terror guramasyna garşy göreş alyp barýar diýip DAIŞ-i özleriçe kanunylaşdyrmak üçin ýol açýarlar. Türkiýe taýdan PKK, PÝD, ÝPG we DAIŞ şol bir zatdyr, ählisi adamlara garşy jenaýat eden guramalardyr, jenaýat mehanizmleridir" diýip habar berdi. 

Ömer Çelik ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli we anyk pozisiýa eýelenmeginiň gerekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar