Türkiýe soňky 5 aýda 3 müňden gowrak bosguny halas etdi

Türkiýe soňky 5 aýda Gresiýa tarapyndan yzyna itilen 3 müň 763 bosguny halas etdi

1649773
Türkiýe soňky 5 aýda 3 müňden gowrak bosguny halas etdi

Ýurtlarynda başdan geçirilýän içerki söweş we çaknyşyklar sebäpli has gowy durmuş gurmak üçin Ýewropa gitmäge synanyşýan bosgunlaryň umyda bolan ýolagçylyklary dowam edýär. 

Aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan we bolmalysyndan has köp ýolagçy alýan gaýyklara münüp Ege deňizine ýola çykýan bosgunlar, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan saklananlaryndan soň, erbet daralmalara sezewar galýarlar. 

Gymmat bahaly zatlary, azyklary, içgileri ellerinden alynyp, motorlary sökülen gaýyklar bilen Türkiýäniň suw giňişligine itilýän bosgunlar, ölüme terk edilýärler. 

Bikanun geçişlere garşy göreşini dowam etdirýän Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, Gresiýa tarapyndan yzyna itilýan bosgunlary halas edip Türkiýä getirýär. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy ýanwar aýynda 169 bosgun, fewral aýynda 524 bosgun, mart aýynda 825 bosgun, aprel aýynda 1620 bosgun, maý aýynda bolsa 625 bosgun bolmak bilen jemi 3 müň 763 bosguny halas etdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Gresiýa , #bosgun

Degişli Habarlar