“Biz Gresiýa Bilen Özara Gatnaşyklarymyzy Şertsiz Ýagdaýda Ähli Taraplaýyn Ösdürmek Üçin Taýar"

Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe hökmünde Gresiýa bilen özara gatnaşyklarymyzy şertsiz ýagdaýda ähli taraplaýyn ösdürmek üçin dialoga we gepleşiklere taýardyrys" diýip belledi

1648934
“Biz Gresiýa Bilen Özara Gatnaşyklarymyzy Şertsiz Ýagdaýda Ähli Taraplaýyn Ösdürmek Üçin Taýar"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherine guran saparynyň çäginde, Maksimu köşgünde Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis tarapyndan kabul edileninden soň, grek kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly geçirilen gepleşikden soň bolan metbugat ýygnagynda: "Grek tarapy bilen indi anyk taslamalaryň üstünde hyzmatdaşlyk etmäge başladyk. 25 madda boýunça ylalaşyk gazandyk. Şu gün gazanan ylalaşygymyz bolsa ikitaraplaýyn häsýetde syýahatçylyk pudaklarymyza oňyn täsir ýetirer" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe hökmünde Gresiýa bilen özara gatnaşyklarymyzy şertsiz ýagdaýda ähli taraplaýyn ösdürmek üçin dialoga we gepleşiklere taýardyrys" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly iki ýurdyň arasynda syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin sanjym şahadatnamasynyň ykrar edilmegi babatynda hem ylalaşyk gazanandyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar