Türkiýäniň Koronawirus Pandemiýasyna Garşy Göreşi Dowam Edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 933 adama ýetdi

1648458
Türkiýäniň Koronawirus Pandemiýasyna Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 134 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 47 müň 405 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 218 müň 957 adam testden geçirilip, ýene-de 582 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 933 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 10 müň 763 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 105 müň 42 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar