Kalyn we Ersoý Germaniýada saparda bolýarlar

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Germaniýada saparda bolýarlar

1646705
Kalyn we Ersoý Germaniýada saparda bolýarlar

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Germaniýada syýahatçylyk we saglygy goraýyş bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar geçirýärler.  

Ersoý we Kalyn, şol çäkde Germaniýanyň Ykdysadyýet we Energetika ministri Piter Altmaýer bilen duşuşyk geçirdiler. 

Geçirilen gepleşiklere Germaniýanyň Federal hökümetiniň Syýahatçylyk komissary Tomas Bareiss hem gatnaşdy. 

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, birnäçe gün ozal bolsa Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine sapar gurapdylar. 



Degişli Habarlar