Türkiýäniň koronawirus pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany bolsa 45 müň 419 adama ýetdi

1642144
Türkiýäniň koronawirus pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 233 adam boldy. 

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany bolsa 45 müň 419 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 218 müň 683 adam testden geçirilip, ýene-de 902 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 11 müň 553 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 9 müň 271 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 980 müň 561 adama ýetdi.



Degişli Habarlar