Çawuşogly: "BMG-nyň Baş Assambleýasynda Ysraýylyň hüjümleri bilen bagly karar kabul etdireris" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, nobatdan daşary ýygnanjak BMG-nyň Baş Assambleýasynda Ysraýylyň hüjümleri bilen baglanşykly karar kabul etdirjekdiklerini habar berdi

1638234
Çawuşogly: "BMG-nyň Baş Assambleýasynda Ysraýylyň hüjümleri bilen bagly karar kabul etdireris" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Riýad şäherinde Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Şazada Faisal bin Farhan bin Abdullah al Saud bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatynda, Ysraýylyň zulumyna garşy gerek bolan gepleşikleri beýleki ýurtlar bilen hem başladandyklaryny habar berdi. 

"Hemişe şular ýaly ýazgarýarys, emma ummat ädim etmegimize garaşýar" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ysraýylyň bu hüjümleriniň öňünde sessiz galyp bilmezdik. Gerek bolan gepleşiklerimizi başlatdyk. Palestinanyň Daşary işler ministri bilen hemişe aragatnaşyk içindediris. Güýçli bir ýagdaýda ýazgarmak ýeterlik däl. Çärede görmelidiris. Diňe ilçiler derejesinde däl, eýsem syýasy derejede hem ele alynmalydygyny belledik" diýip mälim etdi. 

"Oraza baýramyndan soň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçireris" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly palestinalylaryň hukuklaryny goramak üçin Türkiýäniň işlerini dowam etdirjekdigini beýan etdi. 

Çawuşogly sebitleýin meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşmak üçin giden Saud Arabystany sapary bilen baglanşykly bolsa: "Saud Arabystany bilen örän açyk we netijeli maslahat geçirdik. Dialogymyzy dowam etdirmek barada karar kabul etdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar