Mewlüt Çawuşogly Çadly kärdeşi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Çadyň Daşary işler ministri Çerif Mahamat Zene bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

1636635
Mewlüt Çawuşogly Çadly kärdeşi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Çadyň Daşary işler ministri Çerif Mahamat Zeneniň arasynda geçen telefon arkaly söhbetdeşlik barada beýanat berdi. 

Beýanatda: "Hormatly ministrimiz Mewlüt Çawuşogly, Çadyň Daşary işler ministri Çerif Mahamat Zene bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Ministr Çawuşogly kärdeşini wezipä täze bellenmegi mynasybetli gutlady. Çad bilen raýdaşlyk içindedigimizi we geçiş tapgyrynyň asuda bolmagyny diledi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar