Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Içeri işler ministri bilen gepleşik geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Içeri işler ministri Horst Zeehofer bilen sanly ulgam arkaly gepleşik geçirdi

1635020
Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Içeri işler ministri bilen gepleşik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly geçiren gepleşigi bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan nemes we türk dillerinde beýanat berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Içeri işler ministri Horst Zeehofer bilen sanly ulgam arkaly geçiren gepleşiginde bosgunlar babatynda edilip bilinjek ädimleri maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Gepleşikleriň barşynda ekstremist terror guramasy PKK-a we FETÖ garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Germaniýanyň Içeri işler ministri Horst Zeehofere şu ýyl Türkiýäniň durmuşa geçirjek howpsuz syýahatçylyk bilen bagly öňüni alyş çäreleri barada maglumat berendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar