Ilkinji Fosil Tokaý ÝUNESKO-nyň Sanawyna Goşulmak Islenýär

Bu ugurda degişli taýarlyklar görülýär

1621130
Ilkinji Fosil Tokaý ÝUNESKO-nyň Sanawyna Goşulmak Islenýär

2013-nji ýylda Türkiýäniň “ilkinji fosil tokaýy” diýip yglan edilen Hojaş fosil tokaýynyň BMG-niň Ylym, Bilim we Medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Miras Sanawyna goşulmagy üçin taýarlyklara başlandy.

Bolu welaýatynyň Sebemn etrabynyň Hojaş obasynyň golaýynda emele gelen erroziýa netijesinde ýüze çykan we Günbatar Garadeňiz Tokaýçylyk barlaglary institutynyň öňbaşçylyk etmeginde Stambul we Osmangazi uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan ylmy barlaglary geçirilen fosil tokaýyň halkara arenada tanalmagy üçin iş alynyp barylýar.

Hojaş obasyna 500 metr alysda deňiz derejesinde 900 metr belentlikde ýerleşýän ýerdäki 975 gekdar meýdanda ýerleşýän fosil tokaýda 18-19 million ýyllykdygy çaklanylýan palma, derek, söwüt, arça, dub we zelkowa agaçlary ýaprak hem-de şaha fosilleri bilen balyklaryň fosilleri bar.

Seben etrabynyň häkimi Fatih Kawak etrabyň adybir zolagyň syýahatçylyk merkezine öwrülegi üçin degişli başlangyçlary edendiklerini aýtdy.

Maksatlarynyň fosil tokaýyň ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Miras Sanawyna goşulmagyndan ybaratdygyny beýan eden Kawak: “Ekosyýahatçylygyň pajarlap ösýän döwründe başlanan taýarlyklaryň netijesimnde Hojaş Fosil Tokaýynyň ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Miras Sanawyna goşulmagy üçin iş alyp bararys” diýdi.

 



Degişli Habarlar