"Türkiýe howadan howa raketa tehnologiýasyna eýe bolan seýrek ýurtlaryň biri bolmagy başardy"
Prezident Erdogan, Türkiýäniň howadan howa raketa tehnologiýasyna eýe bolan dünýädäki seýrek ýurtlaryň biri bolmagyň hötdesinden gelendigini beýan etdi
1620991
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi.
Prezident Erdogan: "Türkiýe howadan howa raketa tehnologiýasyna eýe bolan dünýädäki seýrek ýurtlaryň biri bolmagyň hötdesinden geldi. Ýaş tehnikler we inženerler tarapyndan GÖKTUG taslamasynyň çäginde oýlanyp tapylan howadan-howa raketamyz BOZDOGAN ilkinji atyşyny üstünlikli ýerine ýetirdi" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.