ÝB-niň Ýolbaşçylary Türkiýede Saparda Bolar

ÝB Geňeşinin başlygy Çarles Mişel bilen ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen sişenbe güni Ankara geler.

1614066
ÝB-niň Ýolbaşçylary Türkiýede Saparda Bolar

 

ÝB-niň ýolbaşçylary geljek hepde Türkiýede saparda bolar

25-nji martda geçirlen ÝB-niň liderler maslahatynda ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada karar kabul edilipdi.

 Şeýlelikde Ankara bilen täze döwrüň başlamagy üçin başlangyç edildi.

Başdan geçirlen soňky wakalardan soň ÝB Geňeşinin başlygy Çarles Mişel bilen ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen sişenbe güni Ankara geler.

Prezident R. T. Erdogan Mişel bilen Laýeni Prezidentiň Kompleksinde kabul eder.

ÝB-niň ýolbaşçylarynyň Türkiýä gurajak saparynyň çäginde migrantlar ylalaşygy, wiza erkinligi, Gümrük bileleşigi we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar

Täze görnüş koronawirusa garşy göreş meselesi bilen Mişel we Laýeniň saparynyň gün tertininde esasy orun eýeleýär.



Degişli Habarlar