TJG Ýawuz fregady geçiş tälimini ýerine ýetirdi
Goranmak ministrligi beýanat berdi
1614283
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, TJG Ýawuz fregadynyň NATO-nyň hemişelik deňiz wezipe topary-2-ä degişli gämiler bolan TJG Kemalreis, Esps Mendez Nunez we Ris Regina Maria bilen geçiş tälimlerini amala aşyrandygyny habar berdi.
Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "TJG Ýawuz fregadymyz 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde NATO-nyň hemişelik deňiz wezipe topary-2-ä degişli gämiler bolan TJG Kemalreis, Esps Mendez Nunez we Ris Regina Maria ýaly gämiler bilen geçiş tälimlerini amala aşyrdy" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Türkiýe, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berdi
24 tonnalyk ynsanperwer kömegi azyk hatyrlaryndan we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat.