Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi

Çärede şehitler üçin hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senagasy ýerine ýetirildi.

2141022
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ABŞ-da bellenilip geçildi.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde, ykdysadyýetiň kalby hasaplanylýan Wall Streetde, Türk Amerikan jemgyýetleri federassiýasy we Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsullygy tarapyndan 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramyna bagyşlanan çäreler üçin türkler Bowling Green Parkda bir ýere jemlenişdi.

Çärede şehitler üçin hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senagasy ýerine ýetirildi.

Çärä, Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sedat Önal, Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Ahmet Ýyldyz we Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsuly Reýhan Özgür bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy.

Çärede ABŞ-da türkler çykyş etdi we türk talyplary şygyr okady.

 


Etiketkalar: #19-njy maý , #Nýu-Ýork , #ABŞ

Degişli Habarlar