“Gresiýa, Halkara Hukugyna Laýyklykda Hereket Etmeli”

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi

1611649
“Gresiýa, Halkara Hukugyna Laýyklykda Hereket Etmeli”

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň kompleksinde geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi.

MHG-nyň jarnamasynda, Kipr meselesiniň iki döwletiň gurulmagy bilen çözülip bilinjekdigi we bu meselede asla egilşik edilmejekdigi nygtaldy.

Jarnamada Gündogar Ortaýer deňizinde özara bähbide we halkara hukuga esaslanýan çemeleşmäniň ähmiýetine üns çekildi, meselä degişli bolmadyk ýurtlaryň bitarap syýasat alyp barmaklary üçin çagyryş edildi.

Jarnamada, maslahatda Gresiýanyň, türk azlygynyň hak-hukuklaryna äsgermezçilik etmegi bilen migrantlara garşy alnyp barylýan tutumynyň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilip “Gepleşik üçin beren çagyryşlarymyza garamazdan Türkiýä garşy syýasatyny dowam etdirýän Gresiýa, halkara hukugyna we goňşuçylyk gatnaşyklaryna laýyklykda hereket etmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berildi.

MHG-nyň jarnamasynda, Liwiýanyň halkynyň durnuklylygy, howpsyzlygy we asudalygy üçin Türkiýäniň ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigi nygtaldy.

Jarnamada, Siriýa meselesiniň ýurduň territorial we syýasy bitewiliginiň goralmagy bilen çözülmeginiň möhümdigi bellenildi we sebitdäki aktýorlara gumanitar pajyganyň has çuňlaşmagyna sebäp biljek hereketlerinden ýüz öwürmekleri barada çagyryş berildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar