Köp Mukdarda Ýarag we Partlaýyjy Madda Ele Salyndy

Iiçeri işler ministri Soýlu howpsyzlyk güýçlerini gutlady

1610277
Köp Mukdarda Ýarag we Partlaýyjy Madda Ele Salyndy

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝG/ÝPG-niň Siriýanyn demirgazygyndaky hüjümlerden peýdalanmak üçin Manbije alyp gitmäge synanşan köp mukdardaky ýaragy we partlaýyjy maddalary ele salyndy.

Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada, Içeri işler Baş müdirliginiň Baş howpsyzlyk edarasy bilen Terrorizme garşy göreş bölüminiň utgaşdyrmagynda Siriýadaky operasion toparynyň Azazda geçiren operasiýasynda 2 sany TOW raketasynyň, 24 sany Kalaşnikow kysymly tüpeňiň, bir sany snaýper tüpeňiniň, 200 sany atyş enjamynyň ele salynandygy nygtalyp, TOW raketalarynyň Siriýanyň demirgazygyny terrordan saplamak maksady bilen sebide operasiýa guran Türk ýaragly güýçlerine garşy ýygy-ýygydan ulanylýandygy ýatladylýar.

Operasiýada 2 siriýalynyň ele salynandygy, beren düşündirişlerinde “enjamlary ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-äniň agzalaryna ýetirmek isleýärkäler ele salynandyklaryny” beýan edendigi habar berildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu operasiýa hakynda sosial media hasabyndan habarnama berip, operasiýany geçiren howpsyzlyk gullukçylaryny gutlady.



Degişli Habarlar