Prezident Erdogan, ÝB-niň Ýolbaşçylary Bilen Wideoragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen duşuşyk 45 minut dowam etdi

1604788
Prezident Erdogan, ÝB-niň Ýolbaşçylary Bilen Wideoragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Laýen we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdoganyň Stambulyň Çengelköý etrapçasynda ýerleşýän Wahdettin köşgünden wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren duşuşygy 45 minut dowam etdi.

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen birlikde Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar